Esasy materiala geçiň

Müňünji Ýygnak jaýy guruldy

Müňünji Ýygnak jaýy guruldy

2013-nji ýylyň awgust aýynda Filippindäki Ýehowanyň Şaýatlary üçin ýatdan çykmajak waka boldy. Üýtgeşik gurluşyk programmasy boýunça, bu ýerde müňünji Ýygnak jaýy guruldy. Köp ýurtlardaky ýaly, Filippindäki dogan-uýalaryň hem başgalaryň kömegi bolmasa, öz Ýygnak jaýyny gurmaga puly ýetmezçilik edýärdi ýa-da gurluşyk ugrundan hünärmenler ýetmeýärdi. Olar birnäçe ýyllap duşuşyklary öýlerde we bambukdan ýasalan çatmalarda geçirdiler.

Filippinde hem-de beýleki ýurtlarda Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany gitdigiçe köpelýändigi üçin, täze Ýygnak jaýlary gerek bolýar. Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty gerekli serişdeleri ýetmezçilik edýän ýurtlarda Ýygnak jaýlaryny gurmak üçin 1999-njy ýylda gurluşyk programmasyny döretdi. Bu programma görä, ýerli Şaýatlar gurluşyk işine ýagdaýynyň ýetdiginden kömek etmelidiler, galan çykdajylar bolsa başga ýurtlardaky Şaýatlaryň berýän pul sadakalary bilen ödelýärdi. Tälim alan gurluşykçylary toparlara bölýärler. Olar ýygnakdaky dogan-uýalara Ýygnak jaýyny gurmaga kömek edýär. 2001-nji ýylyň noýabr aýynda Filippinde bu halkara programma boýunça işlenilip başlandy.

Marilaoda (Bulakan) müňünji Ýygnak jaýynyň gurlan ýerinde Iluminado atly Ýehowanyň Şaýady şeýle diýdi: «Men özümiň bütindünýä doganlyga degişlidigime göz ýetirdim. Gurluşykda birgiden erkekdir aýallar, ýaşlar hem garrylar zähmet çekdiler. Biz jokrama yssyda eginme-egin işleşdik. Uzynly gün işläp, ýadasagam, bilelikde eden işlerimizi görüp, begenýärdik».

Başga adamlar Şaýatlaryň meýletin işleýşini görüp haýran galdylar. Gurluşyk meýdanyna öz ýük ulagynda çäge bilen çagyl getirýän adam şeýle diýdi: «Siz garynjalar ýaly, şeýle bir köp ekeniňiz! Bir-biriňize ýardam berip işleýärsiňiz. Munuň ýaly zady ömrümde birinji gezek görýärin!».

Täze Ýygnak jaýy

Meýletin gurluşykçylar jaýyň karkasyny gurup başlanyna 6 hepde geçip-geçmänkä, ony tamamlaýarlar. Ýygnak jaýynyň gurluşygyny çalt tamamlap, ýygnagyň agzalary ýene-de has wajyp işe — Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmäge gatnaşdylar (Matta 24:14).

Şol ýygnakdaky Ellen diýen Şaýat şeýle diýýär: «Öňki Ýygnak jaýymyza biziň hemmämiz sygmaýardyk, köpümiz daşarda oturmaly bolýardyk. Emma täze Ýygnak jaýymyz owadan, giň hem-de amatly. Indi biz duşuşyklarymyzda berilýän görkezmelerden has köp peýda alyp, ruhlanyp bilýäris».