Esasy materiala geçiň

Worwikde Ýehowanyň Şaýatlary bilen işlän adamlar

Worwikde Ýehowanyň Şaýatlary bilen işlän adamlar

Worwikdäki gurluşykda işçileriň meýletin işleýändigini gören adamlar muňa haýran galdylar. Ýük göterýän enjamlary gurnaýan kärhananyň başlygy bir Şaýada şeýle diýdi: «Siziň toparyňyz gaty uly işi edýär. Şu günler meýletin işleýän adamlary tapmak gaty kyn».

Şol adam we başgalar Ýehowanyň Şaýatlarynyň Worwikdäki (Nýu-Ýork) baş edarasynyň gurluşygyna şol ýerdäki Şaýatlaryň dynç alyş günleri meýletin işleýändigini bilende, haýran galdylar. Ýöne olar ýurduň ähli künjeginden işlerini taşlap, birnäçe aýlap, hatda ýyllap işlemäge gelen adamlary görenlerinde, ör-gökden geldiler.

2015-nji ýylyň ahyrynda ABŞ-nyň Beýtel maşgalasyndan 23 müň sany Şaýat Worwikdäki gurluşyga meýletin gatnaşdylar. Mundan başga-da, gurluşygy wagtynda gutarar ýaly, Ýehowanyň Şaýady bolmadyk 750 sany işçi kömek etdi. Ýehowanyň Şaýatlary bilen işleşmegi olarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Üýtgeşik gurluşyk

Aýna hem-de beýleki gurluşyk harytlaryny çykarýan kärhananyň başlygy şeýle ýazdy: «Biziň kärhanamyzdan şol gurluşyga gatnaşan işçiler ol ýerlerdäki adamlaryň garaýşynyň gaty üýtgeşikdigini aýdýarlar. Ine, şonuň üçinem biziň işçilerimiz şol ýerde işlemek isleýär».

Başga bir kärhana bolsa, Worwikdäki binalaryň üçeklerini gurmaga kömek etdi. Şol kärhana bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti gutaransoň, üç sany işçi Worwikde işlemäge galdylar. Olar işinden çykyp, şol ýerde işleýän başga kärhana girdiler.

Şaýatlaryň gowy häsiýetleri başga işçilere-de gowy täsir etdi. Binalaryň düýbüni guran kärhananyň bir işçisi Worwikde birnäçe aýlap işledi. Aýaly onuň häsiýetleriniň, hatda gepleýşiniň üýtgändigine üns berdi. Elbetde, ol gowy tarapa üýtgedi. Bu hakda onuň aýaly şeýle diýdi: «Onuň şu bolşy maňa diýseň ýaraýar».

«Gurluşykda gelin-gyzlaram işleýär eken»

Gurluşykda işlän Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi gelin-gyzlardy. Olar awtobuslary sürmekden, jaýlary arassalamakdan we kiçiräk işleri etmekden başga-da, ulaglara ýol görkezmek, agyr ýük göteriji enjamlary dolandyrmak, simleri berkitmek, turbalaryň daşyny berkitmek, gipsokardonlary ýelmemek, suw geçiriji turbalary gurnamak we sement guýmak ýaly işleri edýärler. Olar, hakykatdanam, agyr zähmet çekdiler.

Üçek gurýan Ýehowanyň Şaýady bolmadyk bir işçi är-aýallaryň awtobusdan düşüp, gurluşyk meýdanyna el tutuşyp gelýändiklerine üns berýän eken. Görýän zatlary ol adamyň göwnüne ýarapdyr. Şeýle-de ol gelin-gyzlaryň arman-ýadaman işleýändiklerini görýär. Bu hakda ol şeýle diýýär: «Ilki göreniňde, aýallary ýanýoldaşlaryna işe ugratmaga gelen ýaly. Ýöne işlemeli wagty gelende, olar ärleri bilen deň hatarda işe ýapyşýarlar. Men Nýu-Ýorkuň hemme ýerinde diýen ýaly işläp gördüm, ýöne munuň ýaly zady ömrümde birinji gezek görýärin».

2014/2015-nji ýyllarda gyş gaty gazaply geldi. Şonda doňduryp barýan howada daşarda günuzyn işläsiň gelmän, öýde galmak isleýärsiň. Gurluşyk meýdanyna gözegçilik edýän Jeremi diýen Şaýat şeýle diýýär: «Bir gezek howa gaty sowuk bolanda, başga bir kärhananyň başlygy menden: „Ertirem aýal-gyzlar işlemäge gelermi?“ diýip sorady. Menem: „Hawa, hatda daşarda ulaglara ýol görkezýänler hem geler“ diýip jogap berdim. Soňra şol adam öz işgärlerine: „Gelin-gyzlar gelip işlejek bolsa, sizem hökman geläýmeli“» diýip tabşyrypdyr.

 

Awtobus sürýänler öz kärini öňküdenem gowy gördüler

Worwikdäki gurluşyk meýdanyna işçileri getirip we soňra olary öz ýaşaýan ýerine äkider ýaly 35-den gowrak awtobus sürüjisi hakyna tutuldy.

Bir gezek ugramazdan öň, sürüji ýerinden turup, oturan işçilere seredip, şeýle diýdi: «Ýehowanyň Şaýatlary, siz gaty gowy adamlar! Kyn görmeseňiz, gurluşyk gutarýança sizi äkidip, getirmek üçin galar ýaly başlygymdan rugsat sorap beräýiň. Men sizden Mukaddes Ýazgylar barada gaty köp zat öwrendim. Size duşmazdan öň, men ne Hudaýyň adyny, ne-de ýer ýüzünde Jennet boljakdygyny bilýärdim. Men indi ölümdenem gorkamok. Bu ýerde işläp, men üýtgeşik zatlary bildim. Öňümizdäki dynç güni men siziň Ýygnak jaýyňyza hökman bararyn».

Worwikdäki gurluşyk işine gatnaşan Damariýa atly Şaýat şeýle diýdi: «Bir gün awtobusdan düşenimizde sürüji bir zatlar aýtmak üçin bizi saklady. Ol biziň Nýu-Ýorkdaky gurluşyk meýdançalarymyza 4 müň sany dogan-uýany gatnadandygyny aýtdy. Şonda ol: „Her bir adamyňam aýratyn taraplary bar. Ýöne siz dürli-dürli bolsaňyzam, bir-biriňiz bilen eginme-egin işleşýärsiňiz. Munuň ýaly agzybirlik hiç ýerde ýokdur“ diýdi. Şeýle-de ol biziň bilen gürrüň etmegi halaýandygyny hem aýtdy.

Ol adam sözüni gutaransoň, awtobusdaky Şaýatlaryň biri: „Siz aýdym aýtmagy gowy görýärsiňizmi?“ diýip sorady.

Şonda ol bir ýylgyrdy-da: „Hawa! 134-nji aýdymyňyzy aýdaýalyň“ a diýdi».

a «Ýehowanyň şanyna aýdym aýdalyň» kitabyndaky «Sen täze dünýäde!» diýen 134-nji aýdym. Bu aýdymda Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşajak adamlaryň ýürek şatlygy beýan edilýär.