Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary belli bir filmleri, kitaplary ýa-da aýdymlary gadagan edýärmi?

Ýehowanyň Şaýatlary belli bir filmleri, kitaplary ýa-da aýdymlary gadagan edýärmi?

 Ýok. Guramamyzyň agzasy bolan adamlardan belli bir filmleri görmezlik, kitaplary okamazlyk ýa-da aýdymlary diňlemezlik talap edilmeýär. Näme üçin?

  Mukaddes kitap Injilde her kimiň özi ýagşy-ýamany saýgarmak üçin «aň-düşünjesini» ösdürsin diýilýär (Ýewreýler 5:14).

  Pygamberleriň kitaplarynda dynç alşyň görnüşlerini dogry saýlamaga kömek edýän esasy prinsipler bar a. Biz durmuşyň ähli ýagdaýlaryndaky ýaly, dynç alanymyzda hem «Hudaýyň nämäni halaýandygyny biljek bolup» jan edýäris (Efesliler 5:10).

  Mukaddes Kitaba görä, erkek adam maşgalanyň başy bolmaly. Şonuň üçin ol öz maşgalasyna dynç alşyň käbir görnüşlerini gadagan edip biler (1 Korinfliler 11:3; Efesliler 6:1—4). Ýöne maşgalaňa degişli bolmadyk adamlara belli bir filmleri, aýdymlary ýa-da käbir aktýorlaryň döredijilik işlerini gadagan etmäge hiç kimiň haky ýok (Galatýalylar 6:5).

a Meselem, Mukaddes Kitapda jadygöýlügiň, ahlaksyzlygyň ýa-da zorlugyň islendik görnüşi çürt-kesik ýazgarylýar (5 Musa 18:10—13; Efesliler 5:3; Koloslylar 3:8).