Esasy materiala geçiň

Siz ýygnanyşýan ýerleriňize näme üçin Ýygnak jaýy diýýärsiňiz?

Siz ýygnanyşýan ýerleriňize näme üçin Ýygnak jaýy diýýärsiňiz?

 Grek dilinden terjime edilen «ýygnak» diýen söz Mukaddes Kitapda ýygnanyşylýan ýeri däl-de, sežde edýän adamlaryň toparyny aňladýar.

 Meselem, Pawlus resul Rimdäki mesihçilere ýazan hatynda Akila we Priska salam ýollap: «Olaryň öýündäki ýygnaga salam aýdyň» diýdi (Rimliler 16:5). Pawlus bir ýere ýa-da jaýa däl-de, öýde ýygnanyşan adamlara salam ýollaýar. a

 Şol sebäpli biz sežde edýän ýerlerimize buthana däl-de, «Ýygnak jaýy» diýip atlandyrýarys.

Näme üçin oňa «Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak jaýy» diýýärsiňiz?

 Munuň azyndan iki sebäbi bar:

 Biz sizi golaýyňyzdaky Ýygnak jaýyna barmaga we Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklarynyň nädip geçirilýändigini görmäge çagyrýarys.

a Şeýle sözler 1 Korinfliler 16:19; Koloslylar 4:15 we Filimun 2-nji aýatlarda-da duş gelýär.