Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary tebigy betbagtçylyga uçranlara kömek edýärmi?

Ýehowanyň Şaýatlary tebigy betbagtçylyga uçranlara kömek edýärmi?

 Ýehowanyň Şaýatlary köplenç tebigy betbagtçylyga uçranlara kömek edýärler. Galatýalylar 6:10-da: «Geliň, mümkinçilik barka hemme adamlara, esasan-da, imandaşlara ýagşylyk edeliň» diýilýär. Biz şu maslahata eýerip, hem Ýehowanyň Şaýatlaryna hem-de başga adamlara kömek etmäge çalyşýarys. Biz olara şeýle kyn döwürde duýgudaşlyk bildirip, ruhy taýdan goldamaga jan edýäris (2 Korinfliler 1:3, 4).

Guramaçylykly kömek

 Betbagtçylykdan soň ýygnak ýaşululary imandaşlarynyň ýagdaýyny bilip, gerekli kömegi bermek üçin olardan habar tutýarlar. Soňra ýaşulular Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýerli filialyna ilkinji eden kömegi we toplan maglumaty barada habar berýärler.

 Eger betbagtçylyga uçranlara ýygnagyň beren kömeginden başga-da goldaw gerek bolsa, Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty zerur zatlar bilen üpjün etmegi ýola goýýar. I asyrdaky mesihçilerem açlyk döwründe biri-birini goldapdyrlar (1 Korinfliler 16:1—4). Ýerli filial kynçylyga uçranlara doly kömek berler ýaly, Betbagtçylykly ýagdaýlarda kömek berýän komitetleri belleýär. Başga ýerlerden gelen Ýehowanyň Şaýatlary wagtyny we serişdesini gaýgyrman meýletin kömek edýärler (Nakyllar 17:17).

Pul kömegi

 Ýehowanyň Şaýatlarynyň filiallaryna berilýän pul sadakalarynyň bir bölegi betbagtçylyga uçranlara kömek etmek üçin ugradylýar (Resullar 11:27—30; 2 Korinfliler 8:13—15). Başga ýerlerden gelen Ýehowanyň Şaýatlaryna meýletin zähmet çekýändigi üçin betbagtçylyk sebäpli iberilen pullardan berilmeýär. Sebäbi biz berilýän pul sadakalaryny tygşytly ulanmaga jan edýäris (2 Korinfliler 8:20).