Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary Ýewreý Ýazgylaryny ulanýarmy?

Ýehowanyň Şaýatlary Ýewreý Ýazgylaryny ulanýarmy?

 Hawa. Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitabyň tutuşlygyna «Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp... peýdalydygyna» ynanýarlar (2 Timoteos 3:16). Ol Köne ähti we Täze ähti öz içine alýar. Adatça, Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitabyň bu böleklerini Ýewreý hem-de Grek Ýazgylary diýip atlandyrýarlar. Nähili bolaýanda-da, biz Mukaddes Kitabyň bu böleklerini könelişen ýa-da ähmiýetsiz hasaplamaýarys.

Mesihçiler näme üçin Ýewreý Ýazgylaryny we Grek Ýazgylaryny ulanýar?

 Hudaýyň ylhamy bilen Pawlus resul: «Öňki ýazylan zatlar hem öwüt-nesihat bermek üçin ýazyldy» diýdi (Rimliler 15:4). Şol sebäpli, Ýewreý Ýazgylarynda-da biziň üçin gerekli maglumatlar bar. Meselem, biz ondan möhüm taryhy wakalary we peýdaly maslahatlary tapyp bileris.

  •   Möhüm taryhy wakalar. Ýewreý Ýazgylarynda ýer ýüzüniň ýaradylşy we adamzadyň günä edişi barada ähli jikme-jiklikler ýazylan. Eger şeýle maglumatlar bolmadyk bolsa, käbir soraglara kanagatlanarly jogap tapmazdyk. Meselem: Biz näme üçin ýaradyldyk? Adam näme üçin ölýär? (1 Musa 2:7, 17). Şeýle-de Ýewreý Ýazgylarynda biziňki ýaly gowy we kyn günleri başdan geçiren adamlar bilen Ýehowa Hudaýyň özüni nähili alyp barandygy barada ýazylan (Ýakup 5:17).

  •   Peýdaly maslahatlar. Ýewreý Ýazgylarynyň «Nakyllar» we «Nesihat» diýen kitaplarynda ähmiýetini ýitirmeýän peýdaly maslahatlar bar. Bu kitaplardan biz maşgalany nädip bagtly etmelidigini (Nakyllar 15:17), işe nädip dogry garaýşy saklamalydygyny (Nakyllar 10:4; Nesihat 4:6) we ýaşlaryň ýaşlyk döwri wagtyny nämä sarp etse has-da bagtly bolup biljekdigini öwrenip bileris (Nesihat 11:9—12:1).

 Şeýle-de biz Töwrat kitabynda (Mukaddes Kitabyň ilkinji bäş kitaby) ýazylan Musanyň kanunyndan köp zatlary öwrenip bileris. Mesihçiler Musanyň kanuny boýunça ýaşamasalar-da, onda durmuşda bagtly bolmaga kömek edýän gymmamtly prinsipler bar (3 Musa 19:18; 5 Musa 6:5—7).