Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitap nädip saklanyp galdy?

Mukaddes Kitap nädip saklanyp galdy?

Mukaddes Kitap nädip saklanyp galdy?

Mukaddes Kitabyň ýazylanyna 1 900 ýyldan gowrak wagt geçdi. Onuň biziň günlerimize çenli ýitmän, saklanyp galmagyna gudrat diýse bolýar. Ony gamyşdan ýasalan kagyzlara (papirus) we haýwanlaryň derisinden ýasalan gaýyş golýazmalara (pergament) ýazypdyrlar. Şol zatlaram tiz zaýalanýardy. Onsoňam Mukaddes Kitabyň başdaky ýazylan diline şu günler köpler düşünmeýär. Patyşalardan başlap dini ýolbaşçylara çenli Mukaddes Kitaby ýok etjek boldular.

MUKADDES KITABYŇ asyrlarboýy saklanyp galmagy we bütin dünýäde iň köp okalýan kitapdygy haýran galdyrýar. Geliň, Mukaddes Kitabyň nädip saklanyp galandygyny bileliň.

Göçürildi

Ysraýyllar Mukaddes Kitabyň golýazmalaryny gorap saklapdyrlar, ony birnäçe gezek göçüripdirler. Meselem, ysraýyl patyşalaryna «lewi ruhanylarynda duran kanuny göçürip almagy» tabşyrylypdy (5 Musa 17:18).

Ysraýyllaryň köpüsi golýazmalary okamagy halaýardylar, sebäbi ony Hudaýyň sözi hasaplaýardylar. Ýörite tälim berlen mürzeler golýazmalary ünsli göçüripdirler. Şol mürzeleriň biri Hydyr «Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň Musa beren kanunyny gowy bilýärdi» (Hydyr 7:6). B. e. VI—X asyrlarynda Ýewreý ýazgylaryny, ýagny Köne ähti göçüren adamlar (masoretler) ýalňyş bolmaz ýaly, hatda harplary birin-birin sanap çykýardylar. Olaryň şeýle yhlasly işlemegi bilen Mukaddes Kitap ýalňyş göçürilmedi. Hatda duşmanlar ony birnäçe gezek ýok etjek bolsalar⁠-⁠da, biziň günlerimize çenli gelip ýetdi.

B. e. öň 168-nji ýylda Siriýanyň hökümdary Antioh IV tutuş Palestinada ýewreý golýazmalaryny we olaryň nusgasyny ýok etjek boldy. Ýewreýleriň taryhy barada ýazylan bir kitapda şeýle diýilýär: «Olar Hudaýyň kanuny ýazylan golýazmalaryň eline düşenini ýyrtyp ýakdylar». «Ýewreý ensiklopediýasynda» şeýle diýilýär: «Esgerler hökümdaryň görkezmesine doly gulak asyp, golýazmalary guduz açan ýaly ýok etdiler... Mukaddes Kitaby bolan adamlara hem ölüm jezasy berilýärdi». Ýöne şonda⁠-⁠da Palestinada we beýleki ýurtlarda ýaşaýan ýewreýlerde Mukaddes Kitabyň golýazmasy saklanyp galdy.

Grek ýazgylary, ýagny Täze äht ýazylyp gutarylansoň, onuň hem nusgasy göçürilip ýaýradyldy. Onda resullaryň ýazan hatlary, pygamberlikler we taryhy wakalar bar. Meselem, Ýahýa resul öz kitabyny Efesde ýa⁠-⁠da onuň golaýynda ýazypdyr. Alymlaryň aýtmagyna görä, onuň kitabynyň bir golýazmasy 50 ýyl töweregi geçensoň göçürilipdir. Şol golýazma Efesden ýüzlerçe kilometr uzakda ýerleşýän Müsürde tapylypdyr. Diýmek, onuň nusgalary başga ýurtda ýaşaýan I asyrdaky mesihçilerde⁠-⁠de bolupdyr.

Hudaýyň Sözi Mesihiň ölüminden birnäçe asyr geçenden soňam saklanyp galypdyr. Meselem, b. e. 303-nji ýylynyň 23-nji fewralynda Rim imperatory Diokletian esgerleriň buthananyň gapylaryny döwüp, içindäki golýazmalary ýakyşyny öz gözi bilen görmäge geldi. Diokletian golýazmalary ýok etsem, Mesihiň yzyna eýerýänlerem ýok bolup giderler öýdüpdir. Ertesi gün bolsa ol bütin Rim imperiýasynda Mukaddes Kitabyň hemme golýazmalaryny üýşürip, köpçüligiň öňünde ýakmagy buýrupdyr. Ýöne şonda⁠-⁠da Mukaddes Kitabyň golýazmasy saklanyp galypdyr, ol göçürilip ýaýradylypdyr. Imperator Diokletianyň buýrugyndan soňam grek dilindäki Mukaddes Kitabyň köp bölegi biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olaryň biri Rimde, beýlekisi bolsa Londondaky «Britan kitaphanasynda» saklanýar.

Mukaddes Kitabyň asyl nusgasy biziň günlerimize gelip ýetmese⁠-⁠de, onuň tutuşlaýyn ýa⁠-⁠da bölekleýin göçürilen müňlerçe nusgasy bar. Olaryň käbiri gaty köne. Onda Mukaddes Kitap göçürilende üýtgedimikä? Ýewreý golýazmalary barada alym Willýam Grin şeýle belläp geçdi: «Gadymy kitaplaryň hiç biri şeýle dogry göçürilmändi». Grek golýazmalaryny öwrenýän ady belli hünärmen Fredrik Kinýon şeýle diýdi: «Grek golýazmalarynyň hem biziň günlerimize üýtgedilmän gelip ýetendigine hiç hili şübhe ýok. Sebäbi biziň günlerimize gelip ýeten nusgalar asyl nusganyň ýazylanyna köp wagt geçmänkä göçürilipdir. Diýmek, Grek ýazgylary biziň günlerimize doly we dogry gelip ýetdi diýip, arkaýyn aýdyp bilýäris... Hiç bir gadymy kitap Mukaddes Kitap ýaly biziň günlerimize çenli gelip ýetmedi».

Terjime edildi

Mukaddes Kitap köp dile terjime edilendigi üçin giňden ýaýrady. Mukaddes Kitabyň dürli dillere terjime edilmegini Hudaýyň özi isledi. Ol ähli milletiň özüni tanap «ruhda we hakykatda» sežde etmegini isleýär (Ýahýa 4:23, 24; Mikaý 4:2).

Mukaddes Kitabyň ilkinji terjimesine «Septuaginta» diýilýär. Isanyň ýer ýüzüne gelmezinden 200 ýyl öň, ol ýewreý dilinden grek diline terjime edilipdi. Şeýlelikde, Palestinanyň daş-töwereginde ýaşaýan grek dilinde gepleýän ýewreýlerem ony arkaýyn okap bilýärdiler. Şondan birnäçe asyr geçensoň, Mukaddes Kitap tutuşlygyna birnäçe dillere terjime edildi. Ýöne Mukaddes Kitap halkyň eline düşmez ýaly, patyşalar bilen ruhanylar her zat edipdirler. Halk Mukaddes Kitaby öz diline terjime etmez ýaly, olar garşy çykypdyrlar.

Ruhanylar we hökümet garşy çyksa⁠-⁠da, batyrgaý adamlar Mukaddes Kitaby öz diline terjime etmek üçin janyny orta goýupdyr. Meselem, Oksford uniwersitetinde okan Willýam Tindal diýen adam 1530-njy ýylda Ýewreý ýazgylarynyň ilkinji bäş kitabyny terjime edipdi. Garşylyklara garamazdan, ol ilkinji bolup Mukaddes Kitaby ýewreý dilinden iňlis diline terjime edip, Ýehowanyň adyny ulandy. Ispan alymy Kasiadora de Reýnäni katolikler öldürjek boldular. Sebäbi ol ilkinji bolup Mukaddes Kitaby ispan diline terjime edipdi. Ol terjimäni doly gutarmak üçin, Angliýada, Germaniýada, Gollandiýada, Fransiýada we Şweýsariýada ýaşamaly boldy *.

Mukaddes Kitap şu günlerem köp dillere terjime edilýär. Onuň millionlarça nusgasy çap edilýär. Petrus resul: «Ot guraýar, gülleri dökülýär. Emma Ýehowanyň sözi ebedi galýar» diýdi. Dogrudanam, Mukaddes Kitap biziň günlerimize gelip ýeten we dünýäde iň köp okalýan kitap (1 Petrus 1:24, 25).

[Çykgyt]

^ par. 14 Reýnäniň terjimesi 1569-njy ýylda çap edildi. 1602-nji ýylda Kapriano de Walera onuň gaýtadan seredilen görnüşini çykardy.

[14-nji sahypadaky çarçuwa]

HAÝSY TERJIMÄNI OKAMALY?

Mukaddes Kitabyň dürli dillerde her hili terjimeleri bar. Olaryň köpüsiniň dili agyr, düşünmek kyn. Käbir terjimeleri bolsa okamak aňsat, ýöne manysy ýoýlan. Käbirleri bolsa sözme-söz terjime edilen.

Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitaby asyl nusgasyndan iňlis diline terjime etdiler. Oňa «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» diýilýär. Ýöne şol terjimeçileriň ady aýdylmaýar. «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinden» bolsa 60-a golaý dile terjime edildi. Iňlis dilinden öz diline terjime eden terjimeçiler asyl nusgadaky dile-de seredýärdiler. «Täze dünýä terjimesiniň» maksady manysyny ýoýman, asyl nusgadaky pikiri bermek. Terjimeçiler mümkin boldugyndan, düşnükli edip terjime edýärler. Ony okaýan adamlar Mukaddes Kitaba edil öz ene dilinde ýazylan ýaly düşünmeli.

Käbir dilçiler Mukaddes Kitabyň häzirkizaman terjimeleriniň, şol sanda «Täze dünýä terjimesiniň» dogry ýa-da ýoýlandygyny öwrenýärler. Olaryň biri ABŞ-daky Demirgazyk Arizona uniwersitetiniň professory Jeýson Deýwid Bedun. Ol 2003-nji ýylda 200 sahypalyk ylmy iş ýazýar. Şol işde Mukaddes Kitabyň iňlis dilinde giňden ýaýran 9 sany terjimesine seredýär *. Ol Mukaddes Kitaby öwrenýän alymlaryň pikirleriniň gabat gelmeýän aýatlaryny saýlaýar. Ol şolaryň her biriniň dogry terjime edilendigini barlamak üçin grek dili bilen deňeşdirip görýär. Ol nähili netijä gelýär?

«Täze dünýä terjimesi», «Täze ähtiň giňişleýin terjimesi», «Täsirli Mukaddes Kitap», «Täze Amerikan we Täze ähtiň gaýtadan seredilen terjimesi», «Amerikan Standart terjimesi», «Täze halkara terjimesi», «Täze düzedilen terjime», «Häzirkizaman iňlis terjimesi» we «Karol Ýakowyň terjimesi».

Mukaddes Kitaby öwrenýän alymlaryň köpüsi «Täze dünýä terjimesi» Ýehowanyň Şaýatlarynyň dinine laýyk gelýär diýip tankytlaýarlar. Emma Jeýson Bedun «Täze dünýä terjimesiniň» başga terjimelerden nämede tapawutlanýandygyny şeýle düşündirdi: «Ol many taýdan dogry bolup, terjimä sowuk-sala seredilmändir». Bedun «Täze dünýä terjimesiniň» käbir ýerlerini halamasa-da, «beýleki terjimeleriň arasynda iň dogrusy» diýýär. Şonuň üçinem ony «iň gowy terjime» diýip atlandyrdy.

Ýewreý dilini öwrenýän ysraýylly alym Benjamin Kedar «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň» iň gowy terjimedigini belläp geçýär. Ol 1989-njy ýylda şeýle sözleri ýazýar: «Terjimeçiler Mukaddes Kitaby dogry hem düşnükli terjime etmek üçin köp zähmet çekipdir... Olar hiç bir ýerine özünden goşmandyrlaram, aýyrmandyrlaram».

Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men Mukaddes Kitaby näme üçin okaýaryn? Meniň üçin näme wajyp? Dogrulygymy ýa okaňda aňsatlygy? Ýa-da asyl nusgadaky pikirleriň dogry berilmegi?» (2 Petrus 1:20, 21). Siz haýsy terjimäni okarsyňyz?

[Çykgyt]

^ par. 22 Besides the New World Translation, the others were The Amplified New Testament, The Living Bible, The New American Bible With Revised New Testament, New American Standard Bible, The Holy Bible​New International Version, The New Revised Standard Version, The Bible in Today’s English Version, and King James Version.

[Surat]

«Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» köp dillerde bar

[Surat]

Masoret golýazmalary

[Surat]

Luka 12:7-däki jümle: «Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatly»

[Maglumatyň alnan ýeri]

Foreground page: National Library of Russia, St. Petersburg; second and third: Bibelmuseum, Münster; background: © The Trustees of the Chester Beatty Library, Dublin