Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Zakarýanyň gören görnüşi size nähili täsir edýär?

Zakarýanyň gören görnüşi size nähili täsir edýär?

«Maňa tarap öwrülsinler. Şonda Menem size tarap öwrülerin». ZAK. 1:3

AÝDYMLAR: 20, 6

1—3. a) Zakarýa pygamberiň günlerinde Ýehowanyň halkynyň ýagdaýy nähilidi? b) Ýehowa näme üçin halkyna «maňa tarap öwrüliň» diýdi?

ZAKARÝA pygamberiň kitabynda täsin keşplere duş gelse bolýar. Onda uçup ýören golýazma, küýzäniň içinde oturan bir aýal we şemala ganatlaryny ýaýyp, uçup gelýän leglegiňki ýaly ganatly iki aýal hakda gürrüň berilýär (Zak. 5:1, 7—9). Ýehowa näme üçin Zakarýa pygambere bu görnüşleri görkezdikä? Şol wagt ysraýyl halkynyň ýagdaýy nähilidi? Zakarýa pygamberiň gören görnüşleri şu günler bize nähili täsir edýär?

2 B. e. öň 537-nji ýyl Ýehowanyň halky üçin şatlykly pursatlaryň biridi. Sebäbi olar 70 ýyllap Wawilonyň ýesirliginde bolup, indi bolsa azatlyga çykypdylar. Olar uly hyjuw bilen Iýerusalimde hakyky seždäni dikeltmäge taýyndylar we b. e. öň 536-njy ýylda ybadathananyň düýbüni tutdular. Şol döwür «halk şeýle bir şowhun-galmagal edýärdi welin, olaryň şowhuny uzaklardan eşidilýärdi» (Ezra 3:10—13). Emma biraz wagtdan olar güýçli garşylyklara duçar bolýarlar. Kynçylyklar we garşylyklar sebäpli, olar ybadathanany gurmagyny bes edip, hersi öz öýli-öýüne we melleklerine dolanýarlar. Şondan 16 ýyl geçensoň, halk ýene-de ybadathananyň gurluşygyna başlaýar. Olar Ýehowa dolanmalydygy we şahsy bähbitlerini ileri tutmagy bes etmelidigi barada ýatlatma mätäçdi. Ýehowa olaryň özüne dolanmagyny we gorkyny ýeňip, bütin ýüregi bilen sežde etmeklerini isleýärdi.

3 Ýehowa, ilki bilen, halkynyň Wawilon ýesirliginden näme üçin çykandyklaryna düşünmegini isleýärdi. Şol sebäpli b. e. öň 520-nji ýylda olaryň ýanyna pygamberini iberýär. Zakarýanyň ady «Ýehowa ýada saldy» diýmegi aňladýar. Bu olara wajyp hakykaty ýatladýardy. Olar Ýehowanyň özlerini halas etmek üçin nämeleri edendigini unudan hem bolsa, Hudaý olary henizem ýatlaýardy (Zakarýa 1:3, 4-nji aýatlary okaň) *. Ýehowa olara söýgi bilen arassa seždäni dikeltmäge kömek etjekdigini ynandyrdy. Emma şol bir wagtyň özünde ýarty ýürek bilen gulluk etmeli däldigi barada berk duýduryş berdi. Geliň, Ýehowanyň olara nädip kömek edendigini bilmek üçin, Zakarýa pygamberiň gören altynjy hem ýedinji görnüşine seredeliň. Şeýle-de şu günler biz näme öwrenip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

HUDAÝYŇ OGRULYGA BOLAN GARAÝŞY

4. Zakarýa pygamber altynjy görnüşde näme görýär we golýazmanyň iki tarapyna ýazylmagy nämäni görkezýär? (Makalanyň başyndaky birinji surata serediň).

4 Zakarýa kitabynyň 5-nji baby täsin görnüş bilen başlanýar (Zakarýa 5:1, 2-nji aýatlary okaň) *. Pygamber uzynlygy 9 metr, ini 4,5 metr bolan uçup ýören bir golýazma görýär. Golýazma düýrlengi bolmansoň, ony arkaýyn okap bolýardy. Onuň iki tarapynda-da Hudaýyň hökümi baradaky habary ýazylgydy (Zak. 5:3). Aslynda, golýazmanyň diňe bir tarapyna ýazylýardy. Diýmek, bu golýazmadaky habar örän wajypdy.

Mesihçiler ogurlygyň islendik görnüşinden gaça durýarlar (5—7-nji abzaslara serediň)

5, 6. Ýehowa ogrulyga nähili garaýar?

5 Zakarýa 5:3, 4-nji aýatlary okaň *. Ähli adamlar Ýehowanyň öňünde jogap bermeli bolsa-da, onuň halky muňa has-da jogapkär. Ýehowany söýýän adamlar «Hudaýynyň adyna ysnat getirmez ýaly», ogurlygyň islendik görnüşinden gaça durmalydygyna düşünýärler (Sül. tym. 30:8, 9). Ogurlyk nähili niýet bilen edilse-de ýa-da mejbury ýagdaýda bolaýanda-da, ol Hudaýyň nazarynda açgözlük hasaplanýar. Sebäbi ogurlyk edýän adam maddy zatlary Hudaýdan hem ileri tutýar. Ol Hudaýyň kada-kanunlaryndan ýüz öwürmek bilen, aslynda, Ýehowa we onuň beýik adyna hormat goýmaýandygyny hem-de oňa bil baglamaýandygyny görkezýär.

6 Siz Zakarýa 5:3, 4-nji aýatlardaky «nälet... ogrynyň... öýüne girer we şol öýde-de galar... (ol) öýi ýuwudar» diýen sözlere üns berdiňizmi? Görşümiz ýaly, «näleti», ýagny Ýehowanyň höküm habaryny gözenegiň ýa-da gulpuň astynda saklap bolmaýar. Ol Ýehowanyň halkynyň arasynda edilýän işleri aýan etmek üçin hatda iň gizlin ýerlere-de baryp ýetýär. Adam eden ogurlygyny hökümet işgärlerinden, başlygyndan, ýaşululardan ýa-da ene-atasyndan gizläp bilse-de, ähli zady aýan edýän Hudaýdan gizläp bilmeýär (Ýew. 4:13). «Ähli zatda özüni dogruçyl alyp barmaga» jan edýän adamlar bilen gatnaşmak, gör, nähili ruhlandyrýar! (Ýew. 13:18).

7. Biz Ýehowanyň höküminden nädip gaça durup bileris?

7 Ýehowa ogurlygyň islendik görnüşini ýazgarýar. Biz Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşap, onuň adyna ysnat getirýän her bir hereketden gaça durmak isleýäris. Onda Hudaýyň kanunyny bilgeşleýin bozsak, Ýehowanyň höküminden gaçyp bilerismi?

BEREN SÖZÜŇIZI «HER GÜN» BERJAÝ EDIŇ

8—10. a) Ant içmek nämäni aňladýar? b) Sidkiýa patyşa Hudaýa beren haýsy wadasyny berjaý etmedi?

8 Uçup ýören golýazmada «(Hudaýyň) adyndan ýalandan ant içýänlere» hem duýduryş habary ýazylan (Zak. 5:4). Ant içmek bu güwä geçmegi, bir zady etmegi ýa-da etmezligi söz bermegi aňladýar.

9 Geçmişde Ýehowanyň adyndan ant içmeklige ýönekeý zat ýaly garamaly däldi. Iýerusalimiň soňky patyşasy Sidkiýa tagta geçende, hut şeýle hem edipdi. Ol Wawilonyň patyşasyna wepaly boljakdygy barada Ýehowanyň öňünde ant içse-de, beren sözünde durmaýar. Şol sebäpli Ýehowa ony höküm edip, şeýle diýdi: «Içen antyna biperwaý garandygy, eden ähtini bozandygy üçin Öz barlygymdan ant içýärin: ol (Sidkiýa) özüni patyşa edip, tagtda oturdan patyşanyň mekany bolan Babylda öler. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr» (Ezek. 17:16).

10 Sidkiýa Ýehowa beren wadasyny berjaý etmäge borçludy (2 Ýyl. 36:13). Emma ol Wawilona garşy durmak üçin Müsürden kömek soraýar (Ezek. 17:11—15, 17, 18).

11, 12. a) Berýän wadalarymyzyň iň wajyby haýsy? b) Özümizi bagyş edenimizde berýän wadamyz gündelik durmuşymyza nähili täsir edýär?

11 Ýehowa biziň hem berýän wadalarymyzy ünsli diňleýär we muňa örän çynlakaý seredýär. Diýmek, biz hem beren wadamyzda durmaly (Zeb. 76:11). Berýän ähli wadalarymyzyň iň wajyby — Ýehowa özümizi bagyş edenimizde beren sözümiz. Sebäbi biz Ýehowa öz isleglerimizden geçip gulluk etjekdigimize söz berýäris.

12 Biz beren sözümize wepalydygymyzy nädip subut edip bileris? Uly ýa-da kiçi synaglarda-da wepalylygymyzy saklamak bilen, biz Ýehowa beren wadamyza «her gün» çynlakaý garaýandygymyzy görkezýäris (Zeb. 61:8). Meselem, işde ýa-da mekdepde kimdir biri biziň bilen näz-kereşme etse, onuň teklibini inkär edip, muňa Ýehowanyň «kanunlaryny söýýändigimizi» görkezmäge mümkinçilik hökmünde garaýarysmy? (Zeb. 119:113). Eger biz ýanýoldaşymyz bilen aýry ýaşaýan bolsak, hatda başgalar etmese-de, mesihçilere mahsus häsiýetleri görkezip biler ýaly, Ýehowadan kömek soraýarysmy? Gökdäki Atamyzyň özüne çekip, söýgi bilen edýän aladasy üçin her gün dogada minnetdarlyk aýdyp, oňa ýakynlaşýarysmy? Mukaddes Ýazgylary her gün okamaga wagt sarp edýärismi? Eýsem, biz özümizi Ýehowa bagyş edenimizde, bu zatlary etjekdigimizi söz bermänmidik? Elbetde, beren sözüňde durmak örän wajyp. Ruhy işlere yhlasly gatnaşyp, Ýehowany ýürekden söýýändigimizi we oňa bütinleý wepalydygymyzy subut edýäris. Biz Hudaýa özümizi borçly hasaplap däl-de, ýürekden gulluk edýäris. Beren wadamyzy berjaý etmek biziň özümize köp peýda getirýär; wepalylygymyz bolsa hakyky howpsuz gelejege kepil geçýär (Kan. tag. 10:12, 13).

13. Biz Zakarýa pygamberiň gören altynjy görnüşinden näme öwrenip bileris?

13 Zakarýanyň gören altynjy görnüşi bize Ýehowanyň gullukçylary hökmünde ogurlygyň islendik görnüşinden we ýalan wadalary bermekden gaça durmaga kömek edýär. Şeýle-de ysraýyllylar boýnuýogynlyk etseler-de, Ýehowanyň olardan ýüz öwürmändigini görse bolýar. Hudaý öz halkynyň duşmanlarynyň täsirine düşendiklerini bilýärdi. Ýehowa olara beren wadasyny berjaý edip, bize gowy görelde galdyrdy. Ol bize-de beren sözümize görä ýaşamaga kömek eder. Meselem, Ýehowa tizden bütin ýer ýüzündäki ähli erbetligiň soňuna çykjakdygyny wada berip, bize gelejege umyt bilen garamaga kömek edýär. Zakarýanyň gören indiki görnüşi muňa güwä geçýär.

ERBETLIGI «ÖZ ÝERINDE GOÝUŇ»

14, 15. a) Zakarýa ýedinji görnüşde näme görýär? (Makalanyň başyndaky ikinji surata serediň). b) Küýzedäki aýal nämäni aňladýar we ol näme üçin onuň içinde saklanýar?

14 Zakarýa uçup ýören golýazmany görenden soň, perişde oňa: «Ýokaryňa seret» diýýär. Ol ýedinji görnüşde näme görýär? Zakarýa pygamber bir «küýze» görýär (Zakarýa 5:5—8-nji aýatlary okaň) *. Orta göwrümli bu küýzäniň «gurşun gapagy» bardy. Gapak aýrylanda, Zakarýa onuň içinde «bir aýalyň oturandygyny» görýär. Perişde bu aýalyň «şeri» aňladýandygyny aýdýar. Göz öňüne getiriň, aýalyň küýzeden çykmak üçin dyrjaşýandygyny görende, Zakarýa gaty gorkan bolmaly. Emma perişde «aýaly küýzäniň içine itekläp goýberýär-de, gurşun gapagy mäkäm ýerine ýapýar». Bu görnüş nämäni aňladýar?

15 Bu Ýehowanyň halkynyň arasynda edilýän islendik erbetligi ýigrenýändigini görkezýär. Hawa, ol erbetligiň bolmagyna ýol bermän, ony derrew aýrar (1 Kor. 5:13). Perişde küýzäniň gapagyny mäkäm ýapmak bilen, erbetligiň «öz ýerinde goýuljakdygyna» ynandyrýar.

Ýehowa arassa seždäniň bolmagy üçin ähli gerekli çäreleri gördi (16—18-nji abzaslara serediň)

16. a) Zakarýa görnüşiň ikinji böleginde näme görýär? (Makalanyň başyndaky üçünji surata serediň). b) Görnüşdäki ganatly aýallar küýzäni nirä alyp gidýärler?

16 Görnüşiň ikinji böleginde ganatlary leglegiň ganaty ýaly bolan iki aýal barada aýdylýar (Zakarýa 5:9—11-nji aýatlary okaň) *. Bu aýallar küýzäniň içindäki aýaldan düýbünden tapawutlanýardy. Olar şemala ganatlaryny ýaýyp, aşak inýärler-de, içi «şerli» küýzäni alyp gidýärler. Olar ony nirä alyp gitdilerkä? Küýzäni «Şingar ýurduna» ýa-da Wawilona alyp gidýärler. Näme üçin?

17, 18. a) Näme üçin Şingar ýurduna «şeriň», ýagny erbetligiň «öz ýeri» diýse bolýar? b) Biz erbetlige nähili garamaly?

17 Zakarýanyň günlerinde Şingar ýurdy ysraýyllylara erbetlikden goranmaga mümkinçilik berýärdi. Zakarýa hem-de onuň döwürdeşleri Wawilonyň öz döwründe zalymlygyň mekany bolandygyny tassyklap bilerdiler. Sebäbi olar her gün bütinleý butparazlyga ýugrulan şäheriň ýaşaýjylarynyň erbet täsirine garşy göreşmeli bolýardylar. Ýehowanyň arassa seždäni dikeltjekdigine güwä geçýän görnüşi görkezmegi olara, gör, nähili teselli berendir!

18 Emma bu görnüş ýehudylara arassa seždäni dikeltmäge borçludyklaryny hem ýatladýardy. Ýehowanyň halkynyň arasynda «şere», ýagny erbetlige orun berilmeli däldi. Biz hem Ýehowanyň goraýan we söýgi bilen aladamyzy edýän arassa guramasynyň agzasy bolanymyz üçin ony arassa saklamaga jogapkär. Eýsem, biz Hudaýyň «öýüni» arassa saklamaga jan edýärismi? Erbetligiň islendik görnüşine ruhy jennetimizde orun ýokdur.

ARASSA ÝAŞAP, HUDAÝY ŞÖHRATLANDYRYŇ

19. Biz Zakarýa pygamberiň gören täsin görnüşlerinden näme öwrenýäris?

19 Zakarýanyň altynjy hem ýedinji görnüşi erbet iş edýänler üçin duýduryş bolup, Ýehowanyň erbetligi ýigrenýändigini ýatladýar. Şeýle-de hakyky seždäni ak ýürekden goldamak isleýän adamlaryň hem ony ýigrenmelidigini görkezýär. Mundan başga-da bu wakalar gökdäki Atamyzyň bizi söýýändigine ynandyrýar. Eger biz Hudaýyň razylygyny gazanmak we onuň goragynda galmak üçin ýürekden tagalla etsek, ölüm atly «nälete» sezewar bolmarys. Gaýtam, Ýehowanyň ak patasyny alarys. Dünýädäki erbetlige garşy durmak üçin alyp barýan şöweşimiz biderek bolmaz. Biz Ýehowanyň ýeňiş gazanmaga kömek etjekdigine doly ynamly bolup bileris. Ýöne şu hapalykdan doly dünýäde hakyky seždäniň beýgeljekdigine biz näme üçin ynamly bolup bileris? Agyr muşakgatyň ýetip gelýändigi sebäpli Ýehowanyň öz halkyny gorajakdygyna bizde nähili subutnamalar bar? Bu soraglara indiki makalada serederis.

^ abzas 3 Zakarýa 1:3 Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Maňa tarap öwrülsinler. Şonda Menem size tarap öwrülerin. Muny Men — Hökmürowan Reb aýdýandyryn. 4 Ata-babalaryňyz ýaly bolmaň. Öňki pygamberler olara ýüzlenip, şuny jar etdiler: Hökmürowan Reb ýaman ýollaryňyzdan, pis işleriňizden el çekiň diýýär. Ýöne olar muny diňlemediler, Maňa gulak asmadylar. Muny Men — Reb aýdýandyryn“.

^ abzas 4 Zakarýa 5:1 Onsoň seredip durkam, uçup ýören bir ýazgyly kagyza gözüm düşdi. 2 Perişde maňa: «Näme görýäň?» diýdi. Men: «Bir kagyz-a uçup ýör; onuň boýy ýigrimi tirsek, ini on tirsek» diýip jogap berdim.

^ abzas 5 Zakarýa 5:3 Ol maňa şeýle diýdi: «Bu bütin dünýä siňýän näletdir. Bu kagyzyň bir tarapynda ýazylyşy ýaly, ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr, beýleki tarapynda ýazylyşy ýaly bolsa, ýalandan ant içen kowlup çykaryljakdyr. 4 Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».

^ abzas 14 Zakarýa 5:5 Soňra meniň bilen gepleşen perişde öňüme geçdi-de: «Ýokaryňa seret, şol gelýän zadyň nämedigini gör» diýdi. 6 Men: «Ol näme?» diýip soradym. Ol maňa: «Ol gelýän küýzedir. Bu tutuş ýurduň etmişidir» diýdi. 7 Soňra gurşun gapak ýokary göterildi: küýzäniň içinde bir aýal otyrdy. 8 Perişde: «Bu şerdir» diýdi. Aýaly küýzäniň içine itekläp goýberdi-de, gurşun gapagy mäkäm ýerine ýapdy.

^ abzas 16 Zakarýa 5:9 Soňra men seredip durkam, iki aýalyň gelýändigini gördüm. Olar şemala ganatlaryny ýaýyp, uçup gelýärdiler. Olaryň ganaty leglegiň ganaty ýalydy. Olar ýer bilen gögüň aralygynda küýzäni göterip äkitdiler. 10 Men perişdeden: «Olar küýzäni nirä alyp barýarlar?» diýip soradym. 11 Ol maňa: «Şingar ýurduna; şol ýerde oňa öý gurjaklar. Öý taýýar bolanda, olar küýzäni şonuň içinde öz ýerinde goýarlar» diýdi.