Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Her günüň öz aladasy bar

Her günüň öz aladasy bar

Ýükläň:

  1. 1. Ynanýaryn tizden geler eşretli zaman,

    Jennet bolar ýeriň ýüzi wagtyndan giç galman.

    Emma käte ýürek gysýar,

    Bu durmuş üstümden basýar.

    Ýehowa ýeter dadyma, ruhdan düşen badyma.

    Uzakda däl ol menden.

    GAÝTALAMA:

    Ýürek syrymy dökýärin,

    Gaplanda gaýgy-alada.

    Hiç haçan ýeke däl men.

    Ýanymda bar hak Hudaýym.

    Güýç alýaryn Sözünden,

    Kömek edýär dost-ýarym.

    Her günüň öz derdi, öz ýüki bar.

    Şu günki ýetik özüne,

    Ertir bolsa ertirki güne.

    Şatlyk tapaýyn,

    Bolup arkaýyn.

  2. 2. Dostum men seniň ýanyňda,

    Ýürekden söýýän.

    Seretme kynçylyga,

    Begendirýän zatlar kän.

    Oýlan Ýehowa hakda,

    Ol Ogluny berdi hatda.

    Hiç haçan unutmaz seni,

    Söýgüsiniň ýokdur çeni.

    Bil bagla sen oňa.

    GAÝTALAMA:

    Doga et ýürekden,

    Gaplanda gaýgy-alada.

    Hiç haçan ýeke däl sen.

    Ýanyňda bar hak Hudaýyň.

    Güýç alarsyň Sözünden,

    Kömek eder dost-ýaryň.

    Her günüň öz derdi, öz ýüki bar.

    Şu günki ýetik özüne,

    Ertir bolsa ertirki güne.

    Şatlan günsaýyn,

    Bolup arkaýyn.

    GAÝTALAMA:

    Doga et ýürekden,

    Gaplanda gaýgy-alada.

    Hiç haçan ýeke däl sen.

    Ýanyňda bar hak Hudaýyň.

    Güýç alarsyň Sözünden,

    Kömek eder dost-ýaryň.

    Her günüň öz derdi, öz ýüki bar.

    Şu günki ýetik özüne,

    Ertir bolsa ertirki güne.

    Şatlan günsaýyn,

    Bolup arkaýyn.

    Bolup arkaýyn.