Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

A5

Injilde Hudaýyň ady

Alymlaryň köpüsi Töwradyň asyl nusgasynda Hudaýyň adynyň tetragrammaton (יהוה) görnüşiniň takmynan 7 000 gezek duş gelýändigi bilen razylaşýarlar, ýöne Injiliň asyl nusgasynda Hudaýyň ady duş gelmeýär diýýärler. Şol sebäpli Injiliň («Täze äht») iňlis dilindäki terjimeleriniň köpüsinde Hudaýyň adyny ýazmaýarlar. Hatda Injilde getirilen Töwratdaky aýatlarda Hudaýyň adyna derek «Reb» diýen sözi ýazýarlar.

«Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» bolsa Hudaýyň ady dikeldildi. «Ýehowa» diýen at Injilde 237 gezek duş gelýär. «Täze dünýä terjimesinde» Allanyň ady näme üçin dikeldildi? Munuň iki sebäbi bar: 1) I asyrda ýazylan Injiliň asyl nusgasy biziň günlerimize gelip ýetmedi. Häzirki müňlerçe golýazmalar bolsa, ondan iki asyr geçenden soňra ýazylypdyr; 2) şol döwürde käbir mürzeler tetragrammatona derek Reb (grekçe «Kirios») sözüni ýazypdyrlar, käbirleri bolsa Hudaýyň ady aýrylan golýazmalardan göçüripdirler.

Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň komiteti grek golýazmalarynyň asyl nusgasynda tetragrammatonyň duş gelýändigine göz ýetirdi. Aşakdaky ygtybarly subutnamalaryň esasynda karara gelindi:

  •   I asyrda ulanylan ýewreý dilindäki Töwratda tetragrammaton köp duş gelýärdi. Käbir adamlar munuň bilen razylaşmaýardylar, emma Kumran gowagyndan tapylan Töwradyň golýazmalary (b. e. I asyry) olaryň ýalňyşandygyny subut etdi.

  •   I asyrda grek dilindäki Töwratda hem tetragrammaton duş gelýärdi. Birnäçe asyryň dowamynda alymlar Septuagintada, ýagny Töwradyň grekçe terjimesinde tetragrammaton duş gelmeýär diýýärdiler. XX asyryň ortalarynda alymlar Isanyň günlerindäki «Grek Septuagintasynyň» golýazmalaryny çuňňur öwrendiler. Şol golýazmalarda Hudaýyň ady ýewreý harplary bilen ýazylan eken. Diýmek, Isanyň günlerindäki Töwradyň grekçe terjimesinde Hudaýyň ady bardy. Emma «Grek Septuagintasynyň» golýazmalarynda (b. e. IV asyry), meselem, Watikan we Sinaý kodekslerinde Musanyň birinji kitabyndan tä Melek pygamberiň kitabyna çenli Hudaýyň ady duş gelmeýär. Şonuň üçin şol döwürden tä biziň günlerimize gelip ýeten Injiliň («Täze äht») golýazmalarynda Hudaýyň adynyň ýokdugy hem geň galdyrmaýar.

    Isa «Atasynyň adyndan gelendigini» we ähli zady «Atasynyň adyndan» edýändigini aýtdy

  •   Injilde Isanyň Hudaýyň adyny tutandygy we adamlara tanadandygy barada aýdylýar (Ýahýa 17:6, 11, 12, 26). Isa: «Men Atamyň adyndan geldim» diýdi. Şeýle-de ol ähli zady «Atasynyň adyndan» edýändigini aýtdy (Ýahýa 5:43; 10:25).

  •   Injil hem Töwrat ýaly Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan bolsa, onda näme üçin Injilden Hudaýyň ady birden ýitip gidýär? B. e. I asyrynyň ortalarynda Ýakup şägirt Iýerusalimdäki ýaşululara: «Simonyň birin-birin gürrüň berişi ýaly, Hudaý başga milletli adamlary saýlap, adyny göterjek halky döredýär» diýdi (Resullar 15:14). Eger I asyrda adamlar Hudaýyň adyny bilmeýän ýa-da tutmaýan bolsa, onda Ýakubyň ýalan sözledigi bolardy.

  •   Injilde Hudaýyň adynyň gysgaldylan görnüşi duş gelýär. Ylham 19:1, 3, 4, 6-njy aýatlarda duş gelýän «Halleluýah» diýen gadymy ýewreý sözi «Ýaha alkyş aýdyň!» diýmegi aňladýar. «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi. Injilde duş gelýän atlaryň köpüsi hem Hudaýyň adyndan gelip çykýar. Meselem, ylmy kitaplara görä, Isanyň ady «Ýehowa Halasgär» diýmegi aňladýar.

  •   Ýehudylaryň gadymy kitaplaryndan görnüşi ýaly, ýehudy mesihçiler hatlarynda Hudaýyň adyny ulanypdyrlar. Takmynan b. e. 300-nji ýylynda ýazylan ýehudylaryň kanunlar ýygyndysynda (Tosefta) mesihçileriň Sabat güni ýakylan hatlary barada şeýle diýilýär: «Injili we „minimleriň“ (belki, ýehudy mesihçiler) kitaplaryny oda ýakýardylar. Ähli hatlar, Hudaýyň ady bolan hatlar hem ýakylmalydy». Şol kitapda b. e. II asyrynyň başlarynda ýaşan jelileli ýehudy dini ýolbaşçysy Ýoseniň sözleri getirilýär: «Käbirleri hepdäniň başga günleri golýazmalardan Hudaýyň adyny gyrkyp alyp gizleýärdiler, galan bölegini bolsa ýakýardylar».

  •   Alymlaryň aýtmagyna görä, Injilde Töwratdan getirilen aýatlarda Hudaýyň ady bolan bolmaly. Bir sözlügiň «Tetragrammaton Täze ähtde» atly makalasynda şeýle diýilýär: «Täze ähtiň ilkinji golýazmalarynda Köne ähtden alnan aýatlaryň hemmesinde diýen ýaly tetragrammatonyň, ýagny Hudaýyň „Ýahwe“ diýen adynyň bolandygyny subut edýän deliller bar» («The Anchor Bible Dictionary»). Jorj Howard alym şeýle diýýär: «Mukaddes Kitabyň grek terjimesinde (Septuaginta) tetragrammaton duş gelýär. I asyrda ýaşan şägirtler ony Mukaddes Kitap hasaplaýardylar. Şol sebäpli „Täze ähti“ ýazan adamlar şol Kitapdan aýat getirenlerinde tetragrammatony-da göçürendirler».

  •   Ady belli terjimeçiler Injilde Hudaýyň adyny ýazypdyrlar. Käbir terjimeçiler «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» çykmanka hem Hudaýyň adyny ulanypdyrlar. Meselem, German Heýinfetter, «A Literal Translation of the New Testament... From the Text of the Vatican Manuscript» (1863 ý.); Benjamin Wilson, «The Emphatic Diaglott» (1864 ý.); Jorj Barker Stiwens, «The Epistles of Paul in Modern English» (1898 ý.); U. G. Ruterford, «St.Paul’s Epistle to the Romans» (1900 ý.); Londonyň ruhanysy J. U. Ç. Wand, «The New Testament Letters» (1946 ý.). Şeýle-de XX asyryň başlarynda ispan dilinde çykan Pablo Bessonyň terjimesinde Hudaýyň «Jehová» ady Luka 2:15 we Ýahuda 14-nji aýatlarda hem-de 100-den gowrak çykgytda duş gelýär. XVI asyrda Injili ýewreý diline terjime edenlerinde, tetragrammatony köp aýatlarda dikeltdiler. Injiliň nemes diline edilen terjimeleriniň azyndan 11 sanysynda «Ýehowa» (ýa-da «Ýahwe») diýen at duş gelýär. Dört sany terjimeçi bolsa, «Reb» diýen titulyň yzyndan ýaýyň içinde Hudaýyň adyny görkezipdir. Nemes terjimeçileriniň 70-den gowragy Hudaýyň adyny çykgytda ýa-da goşmaça maglumatda ýazypdyr.

    Resullar 2:34-de Hudaýyň ady («The Emphatic Diaglott», Benjamin Wilson, 1864 ý.)

  •   Hudaýyň ady 100⁠-⁠den gowrak dile terjime edilen Injilde duş gelýär. Aziýada, Afrikada, Amerikada, Ýewropada we Ýuwaş ummanyň adalarynda ýaşaýan adamlaryň diline terjime edilen Injilde Hudaýyň ady ençeme gezek duş gelýär ( 1934, 1935-nji sahypalar). Terjimeçiler ýokarda agzalan delillere esaslanyp, Injilde Hudaýyň adyny ýazypdyrlar. Injiliň soňky edilen terjimeleriniň käbirinde, meselem, 1999-njy ýylda rotuma dilinde çykan Mukaddes Kitapda Hudaýyň «Jihova» ady 48 aýatda 51 gezek duş gelýär. Şeýle-de 1989-njy ýylda Indoneziýanyň batak (toba) dilinde çykan terjimesinde Hudaýyň «Jahowa» ady 110 gezek ýazylypdyr.

    Markus 12:29, 30-njy aýatlarda Hudaýyň ady (Gawaý dilinde)

Görşümiz ýaly, Injilde Hudaýyň «Ýehowa» adynyň dikeldilmegine degerli sebäpler bar. Şol sebäpli «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» terjime edenler «Ýehowa» diýen ady dikeltdiler. Olar Hudaýdan gorkup, adyna çuňňur hormat goýýandyklary üçin, Mukaddes Kitabyň asyl nusgasyndaky pikiri ýoýman terjime etdiler (Ylham 22:18, 19).