Esasy materiala geçiň

Biziň çekýän horluklarymyza Hudaý günäkärmi?

Biziň çekýän horluklarymyza Hudaý günäkärmi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitap muňa gös-göni «ýok» diýip jogap berýär. Ýehowa Hudaý ilkibaşda adamlary ýaradanda, olaryň asla horluk çekmegini islemeýärdi. Gynansagam, ilkinji ynsan maşgalasy ýagşy bilen ýamany özleri saýgarmak isläp, Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykdylar. Şeýdip, olar Hudaýdan ýüz öwürdiler we eden işleriniň ajy miwesini datmaly boldular.

 Olaryň erbet ýoly saýlamagy şu günler bize-de täsir edýär. Emma adamlaryň çekýän horluklaryna hiç wagt Hudaýy günäkärläp bolmaz.

 Mukaddes Kitapda: «Synaga düşende, hiç kim: „Hudaý meni synaýar“ diýmesin. Sebäbi Hudaýy erbetlik bilen synap bolmaýar, onuň özi-de hiç kimi synamaýar» diýilýär (Ýakup 1:13). Horluklar ähli adamlaryň, hatda Hudaýy razy edip ýaşaýanlaryňam başyna düşüp bilýär.