Esasy materiala geçiň

Dowzaha kimler düşýär?

Dowzaha kimler düşýär?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Dowzah (Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda oňa «şeol» we «gades» diýilýär) sözi gynalýan ýeri däl-de, «gabyr» diýmegi aňladýar. Oňa kimler düşýär? Gowy adamlaram, erbet adamlaram (Eýýup 14:13; Zebur 9:17). Mukaddes Kitapda oňa ähli ölüleriň jaýlanýan, ýagny «ähli diriler üçin taýynlanan ýer» diýilýär (Eýýup 30:23).

 Isa pygamber hem aradan çykandan soň, şol ýere düşdi. Emma Hudaý ony «gabyrda galdyrman» direltdi (Resullar 2:31, 32).

Dowzahdakylar ol ýerde hemişelik galarmy?

 Isa pygamber Hudaýyň güýji bilen dowzahdakylaryň, ýagny gabyrdakylaryň ählisini direlder (Ýahýa 5:28, 29; Resullar 24:15). Bu babatda Ylham 20:13-de: «Ölüm bilen Gabyr hem özündäki ölüleri gaýdyp berdi» diýilýär (Ylham 20:13). Gabyrdaky ölüleriň ählisi direlenden soň, ol hemişelik ýok bolar; ol ýere hiç kim düşmez, sebäbi gaýdyp ölüm bolmaz (Ylham 21:3, 4; 20:14).

 Emma ölen adamlaryň ählisi dowzaha düşmeýär. Mukaddes Kitapda zalym işleri üçin toba etmeýän käbir adamlaryň boljakdygy aýdylýar (Ýewreýler 10:26, 27). Şeýle adamlar aradan çykanda, dowzaha däl-de, jähenneme düşýär, ýagny olar ebedilik ýok edilýär (Matta 5:29, 30). Meselem, Isa pygamber ikiýüzli dini ýolbaşçylaryň käbiriniň jähenneme düşjekdigini aýtdy (Matta 23:27—33).