Näme üçin Hudaý käbir dogalara jogap bermeýär?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hudaý edýän dogalarymyzyň käbirine jogap bermeýär. Geliň, onuň iki sebäbine seredeliň:
1. Edýän dogalarymyz Hudaýyň islegine garşy gelse...
Hudaý islegine we Mukaddes Kitapdaky talaplaryna laýyk gelmeýän dogalara jogap bermeýär (1 Ýahýa 5:14). Meselem, Mukaddes Kitapda açgözlükden gaça durmalydygy aýdylýar. Humarly oýunlar açgözlük döredýär (1 Korinfliler 6:9, 10). Utuş gazanmak barada doga etseňiz, Hudaý dogalaryňyza jogap bermez. Aslynda, biz Hudaýa minnetdar bolmaly. Eger Ol islendik dogalara jogap berýän bolsa, onda biz erbet adamlaryň edýän doga-dileglerinden gorkup ýaşamaly bolardyk (Ýakup 4:3).
2. Doga edýän adam Hudaýa gulak asmasa...
Hudaý edýän işleri bilen özüni gynandyrýan adamlaryň dogalaryny diňlemeýär. Meselem, Ol özüne gulluk etjekdigini aýdyp, sözünde durmaýan adamlara: «Näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr» diýýär (Işaýa 1:15). Eger olar erbet ýollaryndan dänip, Hudaý bilen gatnaşygyny dikelden bolsalar, dogalaryna jogap alardylar (Işaýa 1:18).