Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary lukmançylyk bejergilerini alýarmy?

Ýehowanyň Şaýatlary lukmançylyk bejergilerini alýarmy?

 Hawa. Ýehowanyň Şaýatlary medisina kömeginden we bejergiden ýüz öwürmeýärler. Biz saglygymyzyň aladasyny etmek üçin «lukmanyň... gerekdigine» düşünýäris (Luka 5:31). I asyrda ýaşan Luka şägirt ýaly, şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbiri lukman bolup işleýärler (Koloslylar 4:14).

 Biz Mukaddes Kitabyň prinsiplerine garşy gelýän bejergileri almakdan gaça durýarys. Meselem, Mukaddes Kitapda gandan gaça durmalydygy barada aýdylýar. Şol sebäpli biz hatda janymyzy halas etmek üçinem gan goýbertmeýäris (Resullar 15:20). Şeýle-de Mukaddes Kitap jadygöýlük bilen bagly bejergileri almakdan gaça durmagy ündeýär (Galatýalylar 5:19—21).

 Aslynda, lukmançylyk bejergileriniň ählisi Mukaddes Kitabyň prinsiplerine garşy gelmeýär. Şeýle ýagdaýda her kim öz ynsabyna görä karara gelip biler. Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlarynyň bejergi babatda gelýän kararlary biri-biriniňkiden tapawutlanmagy mümkin (Galatýalylar 6:5).