Esasy materiala geçiň

Mesihçiler lukmançylyk bejergilerini alsa bolýarmy?

Mesihçiler lukmançylyk bejergilerini alsa bolýarmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hawa. Isa pygamber: «Lukman sag adamlara däl-de, syrkawlara gerekdir» diýmek bilen mesihçileriň bejergi almak üçin lukmanlara ýüz tutjakdygyny göz öňünde tutdy (Matta 9:12). Mukaddes Kitapda bejergi babatda anyk görkezme berilmese-de, onda Hudaýy razy etmek isleýän adamlar üçin peýdaly prinsipler bar.

Özüňize şu soraglary beriň:

 1. Bu bejerginiň maksadyna düşünýärinmi? Mukaddes Kitap «her söze ynanmagyň» deregine, şol bejergi babatda köpräk maglumat toplamaga höweslendirýär (Nakyllar 14:15).

 2. Birnäçe lukmandan maslahat soramalymy? Eger ýagdaýyňyz agyr bolsa, birnäçe lukmandan maslahat sorasaňyz has-da peýdaly bolar (Nakyllar 15:22).

 3. Bu bejergi Mukaddes Kitabyň: «Gandan gaça duruň» diýen tabşyrygyny bozýarmy? (Resullar 15:20)

 4. Keseli anyklamak ýa-da bejergi almak üçin spiritizm ulanylýarmy? Mukaddes Kitapda jadygöýlik bilen meşgullanmak ýazgarylýar (Galatýalylar 5:19—21). Bejerginiň jadygöýlik bilen baglydygyny anyklamak üçin aşakdaky soraglara serediň:

  •   Bejergi berýän lukman jadygöýlik bilen meşgullanýarmy?

  •   Bu bejergi «öýkelän taňrylar (ata-babalaryň ruhlary) ýa-da duşmanlarymyz doga-tumar bilen bizi keselledýär» diýen düşünjä esaslanýarmy?

  •   Bejergini taýýarlamak ýa ulanmak üçin bir zatlar gurban berilýärmi, «doga» okalýarmy ýa-da jadygöýlik bilen bagly başga işler edilýärmi?

 5. Saglygym barada aşa köp alada edýärinmi? Mukaddes Kitapda: «Goý, siziň paýhaslylygyňyz hemmelere görünsin» diýip maslahat berilýär (Filipililer 4:5). Paýhaslylyk size ruhy işler ýaly «iň wajyp zatlara düşünmäge» kömek eder (Filipililer 1:10; Matta 5:3).