Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

FPG/The Image Bank via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

Syýasy ýolbaşçylar Armageddon golaý diýýär. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Syýasy ýolbaşçylar Armageddon golaý diýýär. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 2022-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda, duşenbe güni Russiýa döwleti Ukrainanyň şäherlerine birnäçe raketa goýberdi. Sebäbi şondan iki gün öň, Russiýa bilen Krymy birleşdirýän köprini ýardylar. Şu wakalardan birnäçe gün öň bolsa, syýasy ýolbaşçylar Armageddonyň golaýdygy hakda aýdypdy.

  •   «ABŞ-nyň prezidenti Jon Kennediniň döwründe Kuba krizisi bolupdy. Şonda adamlar Armageddon bolar diýip pikir edipdi... Men ýadro ýaraglaryny ulanmak Armageddonyň bolmagyna sebäp bolar diýip pikir edýärin» (ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, 6-njy oktýabr, 2022).

  •    Habarçylar: «Ýadro ýaraglary ulanylsa näme bolar?» diýip soranda, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý: «Men tizden Armageddon bolarmyka diýýärin. Ýadro ýaraglary sebäpli bütin dünýä uly howp abanýar» diýdi («BBC» habarlary, 8-nji oktýabr, 2022).

 Hökümetler ýadro ýaraglaryny ulansa Armageddon bolarmy? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Ýadro ýaraglary Armageddonyň bolmagyna sebäp bolarmy?

 Ýok. Mukaddes Kitapda «Armageddon» sözi ýekeje ýerde, ýagny Ylham 16:16-da duş gelýär. Şol söz milletleriň arasyndaky söweşi däl-de, Hudaý bilen «bütin ýer ýüzüniň patyşalarynyň» arasyndaky söweşi aňladýar (Ylham 16:14). Hudaý Armageddon söweşinde ähli ynsan hökümetlerini ýok eder (Danyýar 2:44).

 Armageddon hakda köpräk bilmek üçin «Armageddon söweşi näme?» diýen makalany okaň

Ýadro urşy sebäpli Ýer şary we ähli adamlar ýok edilermi?

 Ýok. Ynsan hökümetleri ýadro ýaraglaryny ulansa-da, Hudaý Ýer şarynyň ýok edilmegine ýol bermez. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:

  •    «Ýer ebedi durar» (Nesihat 1:4).

  •    «Dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29).

 Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler we häzirki bolýan wakalar tizden ýer ýüzünde uly özgerişligiň boljakdygyny görkezýär (Matta 24:3—7; 2 Timoteos 3:1—5). Mukaddes Kitapda gelejek barada näme aýdylýandygyny bilmek üçin Mukaddes Kitapdan mugtuna okuw geçiň.