Esasy materiala geçiň

Armageddon söweşi näme?

Armageddon söweşi näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Armageddon söweşi, ynsan hökümetleri bilen Hudaýyň arasynda boljak iň soňky urşy aňladýar. Bu hökümetler we olary goldaýan adamlaryň bary Hudaýyň häkimiýetine tabyn bolmakdan ýüz öwrüp, hatda häzirem oňa garşy çykýar (Zebur 2:2). Armageddon söweşinde ynsan hökümetleriniň soňy geler (Danyýar 2:44).

 «Armageddon» sözi Mukaddes Kitabyň diňe bir ýerinde, ýagny Ylham 16:16-da duş gelýär. Ylham kitabyndaky pygamberlige görä, «ýewreýçe Armageddon diýen ýerde» «bütin ýer ýüzüniň patyşalary Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde boljak söweşe ýygnanarlar» (Ylham 16:14).

 Armageddonda kim söweşer? Isa pygamber gökdäki goşuna ýolbaşçylyk edip, Hudaýyň duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazanar (Ylham 19:11—16, 19—21). Duşmanlara Hudaýyň häkimiýetine garşy çykýan we oňa hormat goýmaýan adamlar degişli (Hyzkyl 39:7).

 Armageddon söweşi Ýakyn Gündogar ýurtlarynda bolarmy? Ýok. Armageddon söweşi belli bir ýerde däl-de, bütin ýer ýüzünde bolar (Ýermeýa 25:32—34; Hyzkyl 39:17—20).

 Armageddon (grekçe «Har-Magedon», ýewreýçe «Megiddo dagy») sözüniň manysy «Megiddo dagy» diýmegi aňladýar. Megiddo gadymy Ysraýyl ýurduna degişli şäherdi. Taryhy wakalara görä, bu şäheriň golaýynda ençeme wajyp söweşler alnyp baryldy. Olaryň käbiri hakda Mukaddes Kitapda gürrüň berilýär (Serdarlar 5:19, 20; 2 Patyşalar 9:27; 23:29). Ýöne Armageddon diýlende, gadymy Megiddo şäheriniň golaýyndaky bir ýer göz öňünde tutulmaýar. Ol ýerde beýik dag ýok, hatda oňa ýanaşyk ýerleşýän Ýizregel jülgesine-de Hudaýa garşy çykjaklaryň ählisi sygmaz. Armageddon söweşi bütin dünýä täsir etjek waka bolar. Onda ähli halklar ýygnanyşyp, iň soňky gezek Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykar.

 Armageddon söweşi nähili bolar? Biz Hudaýyň öz güýjüni nädip ulanjakdygyny bilmeýäris. Ýöne onuň geçmişde ýertitreme, doly, güýçli sil, ot, kükürt, ýyldyrym we keselçiligi ulanyşy ýaly, gelejekde-de ulanmagy mümkindir (Eýýup 38:22, 23; Hyzkyl 38:19, 22; Habakuk 3:10, 11; Zakarýa 14:12). Hudaýyň käbir duşmanlary bir-birini öldürseler-de, olar ahyrsoňy özlerine garşy kimiň söweşýändigine düşünerler (Hyzkyl 38:21, 23; Zakarýa 14:13).

 Armageddonda dünýäniň soňy gelermi? Biziň planetamyz ýok edilmez, sebäbi ýer şary ynsanyň ebedilik ýaşajak öýi bolar (Zebur 37:29; 96:10; Nesihat 1:4). Armageddonda adamlar ýok edilmez, gaýtam, halas bolarlar, sebäbi Hudaýyň «uly märekeden» ybarat bolan gullukçylary diri galar (Ylham 7:9, 14; Zebur 37:34).

 Mukaddes Kitapda agzalýan «dünýä» sözi diňe ýer ýüzüne degişli bolman, eýsem, Hudaýa garşy çykýan ynsan jemgyýetini hem aňladýar (1 Ýahýa 2:15—17). Diýmek, Armageddonda «häzirki döwrüň» soňy geler (Matta 24:3, çykgyt).

 Armageddon haçan bolar? Armageddon söweşi bilen tamamlanjak «agyr muşakgat» barada aýdanda, Isa pygamber: «Şol güni we sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de, Ogul-da bilýän däldir, muny diňe Ata bilýändir» diýdi (Matta 24:21, 36). Muňa garamazdan, Mukaddes Kitapda Armageddonyň Isanyň höküm sürýän döwründe — ol 1914-nji ýylda höküm sürüp başlady — boljakdygy aýdylýar (Matta 24:37—39).