Galatýalylar 3:1—29

  • Kanun we iman (1—14)

    • Dogruçyl adam imany bilen ýaşar (11)

  • Ybraýyma berlen wada we Töwrat (15—18)

    • Mesih Ybraýymyň nesli (16)

  • Töwradyň maksady (19—25)

  • Iman arkaly Hudaýyň ogullary bolýarlar (26—29)

    • Mesihe degişli bolanlar Ybraýymyň nesli (29)

3  Eý akylsyz galatýalylar, size kim erbet täsir etdi?+ Isa Mesihiň pürse çüýlenişi hakda size açyk aýdylypdy ahyryn+.  Meniň bir soragym bar: siz mukaddes ruhy kanuny berjaý edip aldyňyzmy ýa⁠-⁠da eşidenleriňize iman edip?+  Siz şeýle akylsyzmy? Başda mukaddes ruha eýerip, indi ynsan garaýşyna eýerjek bolýarsyňyzmy?+  Siz biderek ýere köp görgi gördüňizmi? Biderekdir öýdemok.  Size mukaddes ruhy almaga kömek eden adam gudratly işleri görkezdi+. Ol siziň kanuny berjaý edendigiňiz üçin şeýle etdimi ýa⁠-⁠da eşidenleriňize iman edendigiňiz üçin?  Ybraýym hem «Ýehowa* iman etdi, şonuň üçin dogruçyl adam hasaplandy»+.  Siz iman edýän adamlaryň Ybraýymyň ogullarydygyny+ anyk bilýärsiňiz.  Mukaddes kitaplarda başga milletli adamlaryň Hudaýa iman edip, dogruçyl hasaplanjakdygy aýdylypdy. Şol sebäpli Ybraýyma: «Ähli halklar sen arkaly bereket alar»+ diýip, hoş habar aýdylypdy.  Şeýlelikde, iman edýän adamlar hem berk imanly Ybraýym ýaly bereket alýarlar+. 10  Kanundaky tabşyryklara bil baglaýan adamlar näletlenendir. Sebäbi: «Töwratdaky tabşyryklary berjaý etmedik adama nälet bolsun!»+ diýip ýazylgy. 11  Galyberse⁠-⁠de, hiç bir adam kanuny berjaý edip, Hudaýyň öňünde dogruçyl hasaplanyp bilmez+. Sebäbi «dogruçyl adam iman etse uzak ýaşar»+. 12  Emma Töwrat iman etmegi talap etmeýär, gaýtam: «Kanuny berjaý edýän adam ýaşar»+ diýilýär. 13  Mesih bizi Töwradyň näletinden azat etmek üçin+ satyn alyp+, bize derek özi näletlendi, sebäbi: «Pürsden asylan adam näletlenendir»+ diýip ýazylgy. 14  Şeýlelikde, ähli halklar Isa Mesih arkaly Ybraýyma berlen wadany almalydy+. Şonuň üçin biz hem iman arkaly Hudaýyň wada eden mukaddes ruhuny alýarys+. 15  Doganlar, size bir mysal getireýin: adamlaryň baglaşýan ähtini hiç kim ýatyryp ýa⁠-⁠da hiç zat goşup bilmeýär. 16  Ybraýyma we onuň nesline* wadalar berildi+. Ýöne onda «seniň nesilleriňe*» däl⁠-⁠de, «seniň nesliňe*» diýilýär, ýagny köp adam däl⁠-⁠de, bir adam göz öňünde tutulýar. Şol adam Mesihdir+. 17  Şol sebäpli men şeýle diýýärin: 430 ýyldan soň+ berlen Töwrat Hudaýyň ähtini ýatyryp, wadany bozup bilmeýär. 18  Eger Hudaý mirasy kanuna esaslanyp beren bolsady, onda wada bermek gerek bolmazdy. Emma Hudaý şol mirasy Ybraýyma wada arkaly beripdi+. 19  Onda Töwrat näme üçin berildi? Wada gowuşjak nesil gelýänçä+, ol adamlaryň günälerini ýüze çykarmalydy+. Ol perişdeler arkaly+ araçynyň eli bilen berlipdi+. 20  Eger ähte diňe bir tarap gatnaşýan bolsa, onda hiç hili araçy gerek bolmaýar, şonuň ýaly wada beren hem diňe Hudaýdy. 21  Onda Töwrat Hudaýyň wadalaryna garşymy? Elbetde, ýok! Eger kanun ýaşaýyş berýän bolsa, ony ýerine ýetirýän adam hem dogruçyl hasaplanardy. 22  Mukaddes kitaplar ähli adamlary günäniň guly edýändir, emma Isa Mesihe iman edýänler Hudaýyň wadasyna eýe bolarlar. 23  Mesihe iman etmänkäk, kanun bizi gorap, günäniň guly edýärdi, ýöne biz hakyky imanyň äşgär bolmagyna garaşýardyk+. 24  Şeýlelikde, Töwrat Mesihe eltýän terbiýeçi* boldy+, şonuň üçin häzir iman arkaly dogruçyl bolýarys+. 25  Emma häzir iman äşgär boldy+, indi bize terbiýeçi* gerek däl+. 26  Aslynda, siziň hemmäňiz Hudaýyň çagalary+, sebäbi Isa Mesihe iman edýärsiňiz+. 27  Ähliňiz suwa çümdürilip, Mesihiň häsiýetlerini geýdiňiz+. 28  Indi siziň ähliňiz: ýehudy⁠-⁠da, grek⁠-⁠de+, gul⁠-⁠da, azat⁠-⁠da+, erkek⁠-⁠de, aýal⁠-⁠da+ Isa Mesih bilen agzybir bolduňyz+. 29  Hawa, eger Mesihe degişli bolsaňyz, onda siz Ybraýymyň nesli*+, berlen wada görä+ mirasdüşer+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: tohumyňa.
Sözme⁠-⁠söz: tohumlaryňa.
Sözme⁠-⁠söz: tohumyna.
Ýa⁠-⁠da: goragçy.
Ýa⁠-⁠da: goragçy.
Sözme⁠-⁠söz: tohumy.