Esasy materiala geçiň

Hudaý Üç ýüzli taňrymy?

Hudaý Üç ýüzli taňrymy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hristian dinleriň köpüsinde Hudaý, Üç ýüzli taňry diýip öwredilýär. Emma bu babatda Britan ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «Täze ähtde Üç ýüzli taňry barada taglymat ýok. Bu düşünje ençeme asyrlaryň dowamynda döräpdir we ol hakda örän köp jedel bolupdyr»

 Dogrudan-da, Mukaddes Kitapda Üç ýüzli taňry barada asla agzalmaýar. Aşakda getirilen aýatlara üns beriň

 «Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir» (5 Musa 6:4)

 «Seniň adyň Reb, bütin dünýäniň üstünde diňe Sen hemmelerden beýik» (Zebur 83:18)

 «Ebedi ýaşaýşy almak üçin, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almalydyr» (Ýahýa 17:3)

 «Hudaý ýekedir» (Galatýalylar 3:20)

 Hristian dinleriň köpüsinde näme üçin Hudaýa Üç ýüzli taňry diýilýär?