Esasy materiala geçiň

Beýik Wawilon näme?

Beýik Wawilon näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Ylham kitabynda agzalýan Beýik Wawilon Hudaýdan ýüz öwren ähli ýalan dinleri aňladýar a (Ylham 14:8; 17:5; 18:21). Bu dinler bir-birinden tapawutlansa-da, olaryň ählisi hak Hudaý Ýehowa edilýän seždeden daşlaşdyrýar (5 Musa 4:35).

Beýik Wawilony anyklamagyň ýollary

  1.   Beýik Wawilon — nyşan. Mukaddes Kitapda Beýik Wawilon «aýal» we «bozuk aýal» hökmünde suratlandyrylyp, onuň «Beýik Wawilon» diýen «syrly ady» göterýändigi aýdylýar (Ylham 17:1, 3, 5). Ylham kitabyndaky görnüşler göçme manyda berlendigi üçin, bu aýal hem göni manyda ulanylmaýar (Ylham 1:1). Şeýle-de onuň «halklary, märekäni, milletleri we dilleri aňladýan» «suwlaryň üstünde oturandygy» aýdylýar (Ylham 17:1, 15). Hakyky aýal muny edip bilmezdi.

  2.   Beýik Wawilon ähli ýalan dinleri aňladýar. Oňa «ýer ýüzüniň patyşalarynyň üstünden höküm sürýän beýik şäher» diýilýär (Ylham 17:18). Görşümiz ýaly, ol bütin dünýä täsirini ýetirýär.

  3.   Beýik Wawilon syýasy we täjirçilik däl-de, dini guramany aňladýar. Gadymy Wawilon «jadygöýlik» we «gözbagçylyk» bilen meşgullanýan dini şäher hökmünde tanalýardy (Işaýa 47:1, 12, 13; Ýermeýa 50:1, 2, 38). Ol ýerde ýalan din giňden ýaýrandy we onuň tarapdarlary hak Hudaý Ýehowa garşy çykýardylar (1 Musa 10:8, 9; 11:2—4, 8). Wawilonyň hökümdarlary özlerini Ýehowadan we oňa edilýän seždeden ýokary tutup, tekepbirlik edýärdiler (Işaýa 14:4, 13, 14; Danyýar 5:2—4, 23). Beýik Wawilon hem «jadygöýligi» bilen tanalýar. Bu bolsa onuň dini guramadygyny subut edýär (Ylham 18:23).

     Beýik Wawilonyň syýasy gurama bolmagy mümkin däl, sebäbi ol ýok edilende, «ýer ýüzüniň patyşalary» onuň ýasyny tutarlar (Ylham 17:1, 2; 18:9). Oňa täjirçilik guramasy hem diýip bolmaýar. Sebäbi Mukaddes Kitapda ol söwdagärlerden aýratyn agzalýar (Ylham 18:11, 15).

  4. Wawilon patyşasy Nabonidiň we Sin, Iştar hem-de Şamaş atly üç ýüzli taňrynyň nyşany şekillendirilen suraty

      Beýik Wawilona ýalan din diýilmegi ýerlikli. Ýalan dinler adamlary hak Hudaý Ýehowa ýakynlaşdyrmagyň deregine, olary ýalan taňrylara sežde etdirýär. Mukaddes Kitapda muňa «biwepalyk» diýilýär (3 Musa 20:6; 2 Musa 34:15, 16). «Üç ýüzli taňry (Troisa)», «ölmeýän jan» ýaly taglymatlaryň hem-de heýkellere sežde etmek ýaly däp-dessurlaryň aňyrsy gadymy Wawilondan gaýdýar. Bu zatlar häzirem ýalan dinleriň esasy bölegi bolup durýar. Şeýle-de ýalan dinler bu dünýäniň işlerine goşulýarlar. Mukaddes Kitapda olara «zynahorlar» diýilýär (Ýakup 4:4, çykgyt).

     Ýalan dinleriň baýlygyna magtanýandygy Mukaddes Kitapdaky Beýik Wawilonyň suratlandyrylyşyna gabat gelýär. Ýazgylarda onuň «goýy gyzyl we gyrmyzy reňkli eşige geýnip, altyn, gymmatbaha daşlar hem-de dürdäneler bilen bezenendigi» aýdylýar (Ylham 17:4). Beýik Wawilon —«ýigrenji zatlaryň», ýagny Hudaýy masgaralaýan taglymatlaryň we işleriň gözbaşy (Ylham 17:5). Ýalan dinlere uýýan adamlar Beýik Wawilony goldaýan «halklar, märeke, milletler we dillerdir» (Ylham 17:15).

 Beýik Wawilon «ýer ýüzünde öldürilenleriň gany» üçin jogapkärdir (Ylham 18:24). Bütin taryhyň dowamynda ýalan din uruş oduny tutaşdyryp, terrorçylygy öjükdirdi. Galyberse-de, ol söýgüden doly Ýehowa Hudaý baradaky hakykaty öwretmedi (1 Ýahýa 4:8). Şol zerarly ençeme adamlaryň gany döküldi. Ine, şunuň üçin hem Hudaýy begendirmek isleýän adamlar Beýik Wawilondan çykmaly, ýagny ýalan din bilen hiç hili aragatnaşyk etmeli däl (Ylham 18:4; 2 Korinfliler 6:14—17).

a «“Hakyky dini nädip tapmaly?» diýen makala serediň