Esasy materiala geçiň

Dinleriň bary meňzeşmi? Olaryň hemmesi Hudaýa ýakynlaşdyrýarmy?

Dinleriň bary meňzeşmi? Olaryň hemmesi Hudaýa ýakynlaşdyrýarmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Ýok. Hemme dinler meňzeş däl. Mukaddes Kitapda Hudaýa ýaramaýan dinler barada birnäçe gezek aýdylýar. Olar esasan iki topara bölünýär.

I topar: Ýalan taňrylara sežde etmek

 Mukaddes Kitapda ýalan taňrylara sežde etmek «boş», «ýalan» we «biderek» diýen sözler bilen suratlandyrylýar (Ýermeýa 10:3—5; 16:19, 20). Geçmişde Ýehowa a Hudaý ysraýyl halkyna: «Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn» diýip tabşyryk berdi (2 Musa 20:3, 23; 23:24). Ysraýyl halky başga hudaýlara sežde edende, Ýehowanyň «gahary geldi» (4 Musa 25:3; 3 Musa 20:2; Serdarlar 2:13, 14).

 Ýehowa «adamlaryň taňry diýip» sežde edýän hudaýlaryny häzirem ýigrenýär (1 Korinfliler 8:5, 6; Galatýalylar 4:8). Ol özüne gulluk etmek isleýänlere ýalan dini goldaýanlar bilen gatnaşmazlygy tabşyryp: «Olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň» diýýär (2 Korinfliler 6:14—17). Eger hemme dinler birmeňzeş we ählisi Hudaýa ýakynlaşdyrýan bolsa, näme üçin şeýle tabşyryk berildi?

II topar: Hak Hudaýa ýaramaýan ýol bilen sežde etmek

 Ysraýyllylar birmahal Hudaýa sežde edenlerinde ýalan dine uýýan halklaryň ynançlaryny we däp-dessurlaryny ulanypdylar. Ýöne Hudaý hakyky din bilen ýalan diniň garyşmagyna ýol bermändi (2 Musa 32:8; 5 Musa 12:2—4). Hudaýa ýaramaýan usul bilen sežde edýändikleri üçin, Isa I asyrdaky dini ýolbaşçylary ýazgarypdy. Olar daşyndan göräýmäge dindar adamlardy, ýöne ikiýüzlülik edip, «Kanunyň has wajyp tabşyryklaryna, ýagny adalatlylyga, rehimdarlyga, wepalylyga sowuk-sala garaýardylar» (Matta 23:23).

 Şonuň ýaly şu günlerem diňe hakykaty öwredýän din adamlary Hudaýa ýakynlaşdyrýar. Bu hakykat Mukaddes Kitapda bar (Ýahýa 4:24; 17:17; 2 Timoteos 3:16, 17). Aslynda, öwredýän zatlary Mukaddes Kitaba garşy gelýän dinler adamlary Hudaýdan daşlaşdyrýar. Köp adamlar Troisa (Üç ýüzli taňry), ölmeýän jan we dowzah ody ýaly öwretmeleriň köpüsi Mukaddes Kitaba esaslanýar diýip pikir edýärler. Emma bularyň ählisi ýalan hudaýlara sežde edýänleriň öwretmeleri. Şeýle öwretmelere esaslanýan sežde Hudaý üçin «biderekdir», sebäbi olar Hudaýyň tabşyryklaryny dini däp-dessurlar bilen çalyşýarlar (Markus 7:7, 8).

 Hudaý ikiýüzlülik bilen edilýän seždäni ýigrenýär (Titus 1:16). Din belli bir däp-dessurlary ýa-da düzgünleri bilen adamlara çäk goýmaly däl-de, olaryň gündelik durmuşyna täsir edip, Hudaýa ýakynlaşmaga kömek etmeli. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Kimdir biri Hudaýa sežde edýändirin öýdüp, dilini saklamasa, ol öz-özüni aldaýandyr, edýän seždesi-de biderekdir. Ata Hudaýymyzyň öňünde tämiz, çirksiz sežde etmek üçin kynçylyk çekýän ýetimleriň, dul aýallaryň aladasyny etmeli hem-de özüňi bu dünýäden tegmiltsiz saklamaly» (Ýakup 1:26, 27). «Karol Ýakobyň terjimesinde» hakyky din diýlende arassa hem-de göz üçin edilmeýän seždäni aňladýar.

a Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa — hak Hudaýyň ady.